Türkmenistanyň Prezidenti Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly. (Surat: “Altyn asyr” elektron gazeti)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady. Bu barada şenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de ösüşi üpjün etmek üçin BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti Antoniu Guterrişe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, BMG-niň Sekretariatynyň işgärlerine bolsa täze üstünlikleri arzuw etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň güni 1945-nji ýylda BMG-niň Tertipnamasynyň güýje giren güni mynasybetli her ýyl 24-nji oktýabrda bellenilýär. Baýramçylyk halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny saklamak, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ählumumy meseleleri çözmek maksady bilen döredilen guramanyň maksatlaryny we ýörelgelerini ýatladýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС