Aşgabatda “CIET 2026” halkara sergisi we maslahaty geçiriler

BT
Aşgabatda “CIET 2026” halkara sergisi we maslahaty geçiriler
Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň diwarlygy, 2025-nji ýylda Awazada geçirilen “CIET” sergisi. (Surat: THP)

Aşgabatda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp, “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly “CIET 2026” halkara sergisi we maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu çäreleriň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Sergä we maslahata daşary ýurt kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň hem-de degişli edaralarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryny geçirmek hem göz öňünde tutulýar.

Çäreler gurluşyk, senagat, energetika, himiýa we ýol gurluşygy pudaklarynda ulanylýan döwrebap tehnikalar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga, bar bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga giň mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, B.Annamämmedow Döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti sergä we maslahata ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022