Gruziýa we Merkezi Aziýa ýurtlary ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy

BT
Gruziýa we Merkezi Aziýa ýurtlary ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Batumi şäherinde geçiren duşuşygy, 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabry. (Surat: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi)

Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri 23-nji oktýabrda Batumi şäherinde geçirilen duşuşykda Merkezi Aziýa bilen Gara deňiz sebitiniň arasyndaky ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşyga Türkmenistanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Onda syýasy, söwda-ykdysady, ulag we energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýany Gara deňiz sebiti bilen birleşdirýän ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmäge, şeýle hem ýurtlaryň deňiz portlaryny we demir ýol ulgamlaryny goşmak bilen, logistika infrastrukturasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berdiler.

Türkmen tarapy sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmegi, şol sanda Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy we Halkara deňiz guramasy bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegi teklip etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň öňe süren tekliplerini durmuşa geçirmek üçin toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi.

Duşuşykda telekommunikasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň daşary işler ministri Hazar – Gara deňiz geçelgesiniň ugry boýunça optiki-süýümli kabeli çekmegi hem öz içine alýan telekommunikasiýa torlaryny gurmak taslamasyna ünsi çekdi. Şeýle hem ol Gruziýanyň bu ugurdaky mümkinçiliklerini we sebitara gatnaşyklary ösdürmekde strategik ähmiýete eýe bolan taslamalary belledi.

Duşuşyk sebitde üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmek, hereket edýän ulag ugurlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we sebitara gatnaşyklary giňeltmek boýunça ýurtlaryň arasyndaky utgaşdyrylyşy pugtalandyrmaga gönükdirildi.

Çäräniň çäklerinde gatnaşyjylar Batumi deňiz portuna hem baryp gördüler. Olar bu ýerde Gruziýanyň deňiz ýük daşamalary, ulag infrastrukturasy we sebit logistikasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022