Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň we Awstriýanyň prezidentlerini ýurtlarynyň milli baýramy mynasybetli gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Gazagystan Respublikasynyň güni mynasybetli Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe iberen gutlagynda ýurduň döwlet esaslaryny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda gazanan üstünliklerini belledi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gazagystan bilen hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berýändigini nygtady. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk we döwlet işlerinde üstünlikleri, Gazagystanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow şeýle hem Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli ýurduň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene iberen gutlagynda oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Awstriýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

















