Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atlary şaýolunyň taslamasy bilen tanyşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atlary şaýolunyň taslamasy bilen tanyşdy
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy, 2026-njy ýylyň 24-nji oktýabry (Surat: "Watan" habarlar gepleşigi)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda Ahalteke atlary şaýoly üçin taýýarlanan at heýkelleri we ýol-ulag düzümine degişli taslamalar bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow heýkeller taýýarlanylanda atçylyk pudagyndaky milli tejribeden ugur almagyň möhümdigini belläp, degişli maslahatlaryny berdi.
Iş saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň dizaýn taslamalary bilen hem tanyşdy. Olaryň hatarynda önümçilik toplumlary, ýol-ulag düzüminiň desgalary we beýleki binalar bar.

Şeýle hem 30 müň adama niýetlenen
"Arkadagyň ruhy metjidi" metjidiniň daş-töwereginiň binagärlik taýdan abadanlaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi. Metjidiň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, onuň golaýynda binalary gurmak we täze şäheriň seýilgähinde dürli heýkelleri oturtmak boýunça tekliplere seredildi. Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň binasynyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, onuň daş-töweregindäki binagärlik sazlaşygyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.

Iş saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D. Orazowyň we şäheriň häkimi G. Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýaşaýyş jaýlaryny  hem-de durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň seýilgähiniň taslamasyny, onuň çäginde ýerleşdiriljek şekilleriň we serişdeleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe düzedişleri girizdi. 
 
Iş maslahtynda  güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk we agaç nahallaryny oturtmak boýunça meýilnamalar barada maglumat berildi. G. Mämmedowanyň habar bermegine görä, Arkadag şäheriniň açylan gününden bäri bu ýerde 50 müň düýp agaç nahaly oturdyldy, şu ýylyň ýazynda bolsa ýene-de 5 müň düýp nahal ekilip, güýzde hem şonça nahal oturtmak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Niderlandlar Patyşalygyna boljak iş saparynyň çäklerinde dürli görnüşli agaçlary we gülleri ösdürip ýetişdirmek boýunça tejribe alyşmak, şeýle hem ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, nahallary satyn almak barada gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
 
Saparyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň, kottej toplumynyň, köp gatly ýaşaýyş jaýynyň, awtomenziliň we şäher seýilgähiniň gurluşygynyň barşy bilen hem tanyşdy. Saparyň netijeleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işlerini mundan beýläk-de guramaçylykly alyp barmak we ýaşaýjylar üçin amatly şertleri döretmek babatda degişli maslahatlar berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС