Türkmenbaşy we Alýat portlarynyň arasynda fider gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär

BT
Türkmenbaşy we Alýat portlarynyň arasynda fider gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Balkan welaýaty, Türkmenistan (Surat: TDH)

Orta geçelge boýunça ýük daşamalaryny ösdürmek maksady bilen, Türkmenbaşy we Alýat portlarynyň arasynda yzygiderli fider gatnawyny ýola goýmak teklip edilýär. Bu barada Azerbaýjanyň Ekspeditorlar assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary, “U.F.E. Shipping” kompaniýasynyň baş direktory Elmir Poladow Ýewropa Bileleşigi bilen Azerbaýjanyň arasynda geçirilen 2026-njy ýyldaky Işewürlik forumynda eden çykyşynda aýtdy diýip, “Report” habar berýär.

Elmir Poladow Türkmenistanyň Orta geçelgäni ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny we Türkmenbaşy deňiz portunyň zerur infrastruktura bilen üpjün edilendigini belledi. Ol bu portuň üsti bilen Hytaýdan Azerbaýjana konteýner ýüklerini daşamagyň ýola goýlup bilinjekdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Elmir Poladowyň hem belleýşi ýaly, Türkmenbaşy portunda konteýner terminalyny gurmak we Alýat porty bilen yzygiderli fider gatnawyny ýola goýmak zerurdyr.

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Türkmenbaşy portunyň ýyllyk kuwwaty 17 million tonna ýük we 400 müň konteýner daşamaga barabardyr. “Report” agentliginiň ozal Baku halkara deňiz portunyň wekili Hudaýar Hasanlä salgylanyp habar bermegine görä, Alýat portundaky konteýner terminalynyň häzirki ýyllyk kuwwaty 150 müň TEU (20 futluk konteýner ekwiwalenti) bolup, ikinji tapgyryň gurluşygy tamamlanandan soň bu görkeziji 500 müň TEU-a çenli ýokarlanar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022