Alaniýada kenar futboly boýunça "World Winners Cup 2026" ýaryşy başlandy

BT
Alaniýada kenar futboly boýunça "World Winners Cup 2026" ýaryşy başlandy
Kenar futboly boýunça “World Winners Cup Alanya 2026” ýaryşynyň öňüsyrasyndaky türgenleşik, 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabry, Alaniýa, Türkiýe (Surat: Beach Soccer Worldwide)

Türkiýäniň Alaniýa şäherinde kenar futboly boýunça klublaryň arasynda geçirilýän halkara "World Winners Cup 2026" ýaryşynyň altynjy möwsümi başlandy. Bäş yklymdan 44 klubuň gatnaşýan ýaryşy 26-njy oktýabrdan 1-nji noýabra çenli dowam edip, ýaryşda bir hepdäniň dowamynda erkekleriň we zenanlaryň toparlary çempionlyk ugrunda bäsleşerler. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet we syýahatçylyk bölümi habar berdi.

Ýaryşy “Beach Soccer Worldwide” (BSWW) guramasy gurnap, duşuşyklar Alaniýanyň Halkara kenar sportlary merkezinde geçirilýär. Ýakynda bu merkeze Halkara woleýbol federasiýasy (FIVB) tarapyndan Halkara ýokary netijeler merkezi (ICoE) derejesi berildi. Ilkinji ýaryşdan ýedi ýyl soň Alaniýa ýene-de "World Winners Cup" ýaryşynyň geçirilýän ýeri boldy.

Merkeziň esasy meýdançasy 3 müň 300 tomaşaçy üçin niýetlenenip, bu ýerde agşamky duşuşyklary geçirmek üçin yşyklandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan dört oýun meýdançasy hem bar. Habarda bellenilişi ýaly, ýaryşa dünýäniň dürli ýurtlaryndan 800-e golaý türgeniň, resmi wekilleriň we žurnalistleriň gatnaşmagyna, şeýle hem duşuşyklaryň 100 ýurtda göni ýaýlymda görkezilmegine garaşylýar. Ýaryşyň geçirilýän döwri Türkiýede 29-njy oktýabrda bellenilýän Respublika gününe gabat gelýär.

Alaniýa şäheri Antalýa welaýatynyň Ortaýer deňziniň kenarynda ýerleşip, ösen sport düzümleri bilen tanalýar. Bu ýerde her ýyl 24-den gowrak halkara sport çäresi yzygiderli geçirilip, häzirki zaman sport desgalary we amatly howa şertleri Alaniýanyň Ýewropada we Ortaýer deňzi sebitinde kenar sportlarynyň esasy merkezleriniň biri hökmünde ornuny pugtalandyrýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022