"ITTC 2026" maslahatynda "Argus" baha agentligi ýörite mejlisini geçirer

BT
"ITTC 2026" maslahatynda "Argus" baha agentligi ýörite mejlisini geçirer
2025-nji ýylyň 16–17-nji oktýabrynda Stambulda geçirilen "Argus LPG" konferensiýasy. (Surat: Argus Media)

Dünýäniň öňdebaryjy garaşsyz baha agentlikleriniň biri bolan "Argus" ilkinji gezek 24–26-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek "ITTC 2026" halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde ýörite mejlisini geçirer. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.

"Argus" baha agentliginiň geçirjek mejlisiniň dowamynda halkara haryt-çig mal bazarlarynyň esasy ugurlary, energiýa serişdeleriniň bahalary we Merkezi Aziýanyň bazar görkezijileri barada gürrüň berler.

"Argus"-yň Merkezi Aziýada işewürligi ösdürmek boýunça wise-prezidenti Timur Ilýasowyň moderasiýasynda geçiriljek mejlisde kompaniýanyň hünärmenleri halkara we sebit bazarlaryndaky esasy tendensiýalar hem-de baha görkezijileri barada çykyş ederler. Ara alyp maslahatlaşmalara suwuklandyrylan uglewodorod gazy, nebithimiýa, mineral dökünler we ýangyç bazarlary boýunça hünärmenler gatnaşarlar.

1970-nji ýylda Londonda esaslandyrylan "Argus" dünýäniň esasy çig mal söwda merkezlerinde ýerleşýän 32 ofisinde 1 500-den gowrak hünärmeni özünde jemleýär. Kompaniýanyň baha görkezijileri energetika, çig mal söwdasy we ulag pudaklarynda halkara geleşikler üçin möhüm ölçeg hökmünde ulanylýar.

"Argus"-yň maglumatlary Türkmenistanda hem nebitiň, nebit önümleriniň, suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň we nebithimiýa önümleriniň eksport bahalaryny kesgitlemekde ulanylýar. Kompaniýanyň baha hasaplamalarynyň usulyýeti bolsa Gymmatly kagyzlar boýunça halkara komissiýalaryň guramasynyň (IOSCO) ýörelgelerine laýyklygy babatda her ýyl garaşsyz auditden geçirilýär.

"ITTC 2026" halkara maslahaty we sergisi 24–26-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Çäräniň maksatnamasy we hasaba alyş şertleri barada goşmaça maglumatlary ittc-tm.com saýtyndan almak bolar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС