Aşgabatda 3–5-nji noýabrda geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmek we olary ösdürmek meselelerine bagyşlanan CIET 2026 halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin 60 ýurtdan 800-den gowrak wekil hasaba alyndy. Bu barada çäräniň bilelikde guramaçysy bolan “Turkmen Energy Forum” (TEF) habar berýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Innowasiýalar. Maýa goýumlary. Ösüş” şygary astynda geçiriljek iri halkara çärä döwlet edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň wekilleriniň, maýadarlaryň we maliýe guramalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Çäräniň maksatnamasynda ýurduň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryna maýa goýum mümkinçiliklerine serediler. Gatnaşyjylar içerki we daşary ýurt maýasyny çekmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de infrastruktura we senagat taslamalarynda hususy pudagyň gatnaşygyny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Halkara maslahatyň gün tertibine işewürlik gurşawyny gowulandyrmak, telekeçiligi goldamak we döwlet edaralarynyň, milli kompaniýalaryň hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri hem giriziler.
Mundan başga-da, çäräniň dowamynda senagat pudagynda önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga we önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berlip, energetika we himiýa senagatynda çig maly gaýtadan işlemek hem-de onuň gymmatyny artdyrmak mümkinçiliklerine serediler.
Çäräniň infrastruktura bölümi häzirki zaman inženerçilik çözgütlerine, innowasion materiallara, ýol gurluşygyna, durnukly şäher ösüşine we gurluşykda sanly gurallaryň ulanylmagyna bagyşlanar. Şeýle hem gatnaşyjylar ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Serginiň çäklerinde kompaniýalar enjamlaryny, tehnologiýalaryny, gurluşyk materiallaryny we degişli hyzmatlaryny hödürlärler. Şeýle hem işewürlik meýdançasy maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegini, enjamlary üpjün etmek we tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.

















