Türkmen ilçisi “NE Global Media”-nyň wekili bilen media hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

BT
Türkmen ilçisi “NE Global Media”-nyň wekili bilen media hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanowyň “NE Global Media” neşiriniň esaslandyryjylarynyň biri Kostis Geropulos bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabry (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow “NE Global Media” neşiriniň esaslandyryjylarynyň biri, energetika, klimat syýasaty we howpsuzlyk meseleleri boýunça direktory Kostis Geropulos bilen media ulgamynda maglumat hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Taraplar Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, şeýle hem ýurduň Ýewropa Bileleşigi we oňa agza döwletler bilen gatnaşyklaryny şöhlelendirmegiň geljekki ugurlaryna garadylar.

Kostis Geropulos Türkmenistanyň geçirýän halkara çäreleriniň gerimine ýokary baha berip, hususan-da, sebit ýurtlarynyň liderleriniň gatnaşmagynda Awazada geçirilen duşuşyklary we Niderlandlaryň “Peelbergen” atçylyk-sport merkezinde geçirilen ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatyny aýratyn belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu çäreler Ýewropada oňyn seslenme döretdi we Türkmenistanyň hem-de onuň medeni mirasynyň has giňden tanalmagyna ýardam berdi.

Duşuşygyň dowamynda “NE Global Media” neşiriniň wekilleriniň Türkmenistanda geçiriljek geljekki halkara çärelere gatnaşmak mümkinçiligi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi Ýewropa okyjylarynyň arasynda Türkmenistan, onuň gazanan üstünlikleri we mümkinçilikleri barada habarlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022