Türkmenistan bilen Katar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garadylar

BT
Türkmenistan bilen Katar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garadylar
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň Kataryň daşary söwda meseleleri boýunça döwlet ministri Ahmad bin Mohammed Al-Saýed bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabry

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow bilen Kataryň daşary söwda meseleleri boýunça döwlet ministri Ahmad bin Mohammed Al-Saýed 26-njy oktýabrda Dohada 9-njy Bütindünýä maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasy habar berýär.

Taraplar türkmen-katar gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda oňyn ösýändigini belläp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň ähmiýetini nygtadylar.

Şeýle hem Agahanow bilen Al-Saýed ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

9-njy Bütindünýä maýa goýum forumy 25–27-nji oktýabr aralygynda Dohada “Geljegiň ösüşine maýa goýmak” (“Investing in the Future”) şygary bilen geçirilýär. Katar habarlar agentliginiň (QNA) habar bermegine görä, Katar tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy (UNCTAD) bilen bilelikde guralan foruma 160-dan gowrak ýurtdan 5 müňden köp gatnaşyjy, şol sanda hökümetleriň, halkara guramalaryň, işewür toparlaryň we maýa goýum jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022