2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 117 million 561,9 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Gruziýanyň Milli statistika gullugy habar berýär.
Hasabat döwründe Gruziýanyň Türkmenistana eksporty 48 million 657,4 müň ABŞ dollaryna, Türkmenistandan importy bolsa 68 million 904,5 müň ABŞ dollaryna ýetdi.
2025-nji ýylyň ýanwar–sentýabr aýlary bilen deňeşdirilende, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 83,7 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 63 million 984 müň ABŞ dollaryna deň bolupdy.
Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyň jemleri boýunça 102 million 647 müň ABŞ dollaryna ýetdi.











33733-90x604.png)





