Türkmen süýji önümlerini öndürijiler Dubaýdaky “ISM Middle East” sergisine gatnaşarlar

BT
Türkmen süýji önümlerini öndürijiler Dubaýdaky “ISM Middle East” sergisine gatnaşarlar
Dubaýda geçirilen “ISM Middle East” halkara sergisi, 2025-nji ýylyň 15–17-nji sentýabry. (Surat: “ISM Middle East”)

Türkmen kompaniýalary “Altyn Ýunus” we “BARS” 3–5-nji noýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek “ISM Middle East 2026” süýji önümleriniň we ýeňil iýmitleriniň halkara sergisinde öz önümlerini görkezerler. Bu barada serginiň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

 “ISM Middle East” süýji önümlerine we ýeňil iýmitlere ýöriteleşen sergi bolup, oňa azyk önümlerini öndürijiler, distribýutorlar, import edijiler we bölek satuw söwdasynyň wekilleri gatnaşýarlar. Sergide şokoladlar, süýjüler, kökeler, wafliler, milli süýjülikler we ýeňil iýmitleriň dürli görnüşleri görkezilýär.

 “Altyn Ýunus” kärhanasy “Ýunus” we “Melek” haryt nyşanlary bilen şokolad batonjyklaryny, waflileri, kökeleri, sakgyçlary, süýjüleri we gowrulan günebakar çigitlerini öndürýär. Kärhananyň önümçiligi ISO 9001 we ISO 22000 halkara standartlaryna, şeýle hem HACCP we halal talaplaryna laýyk gelýär.

Türkmenistanyň süýji önümleri bazarynda 18 ýyldan gowrak wagt bäri işleýän “BARS” kompaniýasynyň önümçiliginde keksler, şokolad batonjyklary we plitkalar, süýjüler hem-de şokolad pastasy bar. Kärhana Dubaýda geçirilen “ISM Middle East” halkara sergisine 2025-nji ýylda hem gatnaşdy.

Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda geçirilen sergä 66 ýurtdan 725 gatnaşyjy kompaniýa we pudagyň 25 müňden gowrak hünärmeni gatnaşdy. 2026-njy ýylda “ISM Middle East” sergisi azyk senagatynyň, azyk önümçiliginiň we myhmansöýerlik pudagynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan “Gulfood Manufacturing”, “GulfHos”t we “Private Label Middle East” sergileri bilen bir wagtda geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022