Türkmenistan 27-nji oktýabrda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde geçirilen “Global City Tourism Roadshow” sergisinde özüniň syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.
Dünýä şäherleriniň syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanan sergi “Global City Tourism Summit” şäher syýahatçylygy boýunça II Ählumumy sammitiň (“Global City Tourism Summit”) çäklerinde, Pusanyň Haeundae etrabyndaky Gunam-ro köçesinde geçirildi.
Sergide Türkmenistanyň we Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk mümkinçilikleri, medeni mirasy, milli däpleri we taryhy ýadygärlikleri barada maglumatlar hem-de dürli eksponatlar görkezilen ýörite diwarlygy görkezilip, sergä gelenleriň we sammite gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.
Türkmenistanyň Koreýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, II Bütindünýä şäher syýahatçylygy sammiti 26–28-nji oktýabrda Pusan şäherindäki “Paradise Hotel Busan” myhmanhanasynda “Ýerli syýahatçylyk: şäher ykdysadyýetiniň we syýahatçylyk innowasiýalarynyň arabaglanyşygy» şygary astynda geçirildi. Pusan şäher häkimliginiň, Global şäherleriň syýahatçylygyny ilerletmek boýunça guramanyň we Pusan syýahatçylyk guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen çärä 16 ýurduň 31 şäherinden wekiliýetler, halkara guramalaryň wekilleri, bilermenler we syýahatçylyk pudagynda iş alyp barýan kompaniýalar gatnaşdy.

















