Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Ankara bardy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Ankara bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Ankara howa mezilinde, 2026-njy ýylyň 29-njy oktýabry (Surat: Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň resmi X sahypasy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) 13-nji sammitine gatnaşmak üçin 29-njy oktýabrda Ankara şäherine sapar bilen bardy. Bu barada Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň resmi X sahypasynda habar berilýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Ankaranyň howa menzilinde Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz garşylady. Wise-prezident Türkmenistanyň Prezidentine Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) 13-nji sammitine gatnaşmak üçin Türkiýä gelendigi üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Ozal habar berlişi ýaly, 30-njy oktýabrda Ankarada Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 13-nji sammiti geçiriler. Sammite gatnaşyjylar guramanyň çägindäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.

Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we guramanyň gurluşyny berkitmäge gönükdirilen birnäçe kararyň we resminamanyň, şol sanda Ankara Jarnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022