Türkmenistan 29-njy oktýabrda Ankarada Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XIII sammitiniň öňüsyrasynda geçirilen Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşykda sammitiň dowamynda Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň garamagyna we kabul etmegine hödürlenjek resminamalaryň taslamalary, şol sanda Ankara Jarnamasy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge we guramanyň binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen beýleki çözgütleriň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDG-niň resmi sahypasynda habar berilýär.
TDG-de synçy derejesine eýe bolan Türkmenistana duşuşykda ýurduň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew wekilçilik etdi. Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidanyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahata Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew gatnaşdylar.
TDG-niň Baş sekretary Azerbaýjanyň gurama başlyklyk eden döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we sekretariatyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. TDG-ä agza we synçy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk 65-den gowrak ugry öz içine alýar.
Duşuşykda Alişer Nowaýy adyndaky halkara baýragy bilen bagly çözgütleriň taslamalary, şeýle hem TDG-niň sekretariatynyň we Türki akademiýanyň 2027-nji ýyl üçin býujetleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, gatnaşyjylar sebit we halkara meseleleri, şeýle hem guramanyň geljekki işiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti 30-njy oktýabrda Ankarada “Türki asyr: dilde, pikirde, işde birlik” şygary astynda geçiriler. Sammitiň dowamynda döwlet Baştutanlarynyň Ankara Jarnamasyny, şeýle hem hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we TDG-niň guramacylyk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe çözgütleri we resminamalary kabul etmegine garaşylýar.