Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasy Filip VI-a ýurduň Toledo welaýatynda bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna hem-de şikeslenmelere sebäp bolan otly heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi. Bu barada penşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan aradan çykanlaryň maşgala agzalaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we goldawyny beýan edip, ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklaryny baradaky dileglerini beýan etdi.
"Reuters" agentliginiň habar bermegine görä, 28-nji oktýabrda Madrid — Andalusiýa demir ýol ugrunda, Toledo welaýatynyň Urda bekediniň golaýynda iki sany ýokary tizlikli otly çaknyşdy.
"elDiario" neşiriniň Ispaniýanyň Demir ýol hadysalaryny derňemek boýunça komissiýasynyň (CIAF) maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä, 29-njy oktýabr ýagdaýyna görä, heläkçilikde aradan çykanlaryň sany 74 adama ýetdi. Halas ediş gulluklary heläkçiligiň bolan ýerinde halas ediş işlerini dowam etdirýärler. Ýurtda bolan pajygaly waka zerarly Ispaniýada üç günlük ýas yglan edildi.

















