Türkmenistanda “AECOM” kompaniýasy bilen täze gämileriň gurluşygynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy

BT
Türkmenistanda “AECOM” kompaniýasy bilen täze gämileriň gurluşygynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda “AECOM Technical Services” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 29-njy oktýabry (Surat: Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy)

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda 29-njy oktýabrda ABŞ-nyň “AECOM Technical Services” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada ulag koridorlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak (TCTR) maksatnamasynyň sebitleýin wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Yslam Ösüş Bankynyň maliýeleşdirmeginde täze gämileriň gurluşygynda “Ýeketäk deňiz penjiresi” ulgamyny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar sebitde ulag-logistika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda alnyp barylýan taslamalaryň çäklerinde sebitleýin ulag koridorlaryny kämilleşdirmek boýunça pikir alyşdylar.

“AECOM Technical Services” kompaniýasynyň wekilleri 2026–2028-nji ýyllary öz içine alýan TCTR maksatnamasy we onuň çäklerinde Merkezi Aziýanyň ulag, energetika hem-de sanly tehnologiýalar ulgamlaryna maýa goýumlaryny çekmek boýunça alnyp barylýan işler barada çykyş etdiler. Şeýle hem täze gämileriň gurluşygynda “Ýeketäk deňiz penjiresi” ulgamyny ornaşdyrmak boýunça, şol sanda Yslam Ösüş Banky ýaly halkara maliýe guramalarynyň maliýeleşdirmegi arkaly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň wekilleri myhmanlary 2026-njy ýylyň 24–26-njy noýabrynda geçiriljek Halkara ulag forumyna gtatnaşmaga çagyrdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022