Türkmenistanyň Prezidenti TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşdy
Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşyjy ýurt baştutanlarynyň bilelikdäki suraty, 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabry, Ankara, Türkiýe (Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ankarada 30-njy oktýabrda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşdy. TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammiti “Türki asyr: dilde, pikirde we işde birlik” şygary bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň başlyklyk etmeginde geçirildi. Bu barada Türkiýäniň Aragatnaşyk müdirligi habar beryär.

Sammitiň başynda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlary – Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, ürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Tufan Erhürman, Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow hem-de TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew we synçy ýurtlaryň wekilleri bilelikde ýadygärlik surata düşdiler.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sammitiň dowamynda çykyş edip, türki döwletleriň arasynda maglumat howpsuzlygy, sanly söwda, emeli aň, kosmos we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi. Ol umumy hemra taslamasyny çaltlandyrmagyň we türki dilleriň aýratynlyklaryny öz içine alýan uly dil modelini döretmek boýunça işleri dowam etdirmegiň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýandygyny aýtdy.

Sammitiň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlary Ankara Jarnamasyny kabul edip, oňa azerbaýjan, gazak, gyrgyz, türk we özbek dillerindegol çekdiler. Şeýle hem sammitiň dowamynda TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewiň guramanyň işine goşan goşandyna minnetdarlyk bildirildi we täze Baş sekretar Mirwahid Azimowa üstünlikler arzuw edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022