Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýada türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýada türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Antalýada “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 10-njy noýabry. (Surat: THP)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýä iş saparynyň çäklerinde “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak we “Çalık Holding” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Erman Ylyjak bilen geçirilen duşuşykda “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmagy we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň köp ýyllardan bäri şähergurluşyk, nebitgaz toplumy we himiýa senagaty ulgamlaryndaky taslamalara işjeň gatnaşýandygy bellenilip, Erman Ylyjak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini we bu ugurda kompaniýanyň tejribesini hem-de mümkinçiliklerini ulanmaga taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň ahyrynda Erman Ylyjak Rönesans Holding kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalyk bilen duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň energetika, dokma senagaty we gurluşyk ýaly dürli ugurlarda işjeň ösdürilýändigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleriň döredilýändigi aýratyn nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň 2030–2045-nji ýyllar üçin senagat ösüşiniň Milli strategiýasyna ünsi çekip, türk kompaniýalarynyň bu strategiýanyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Ahmet Çalyk türk hyzmatdaşlarynyň öz üstüne alan borçnamalaryna mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerini, ynanylan desgalardaky işleri bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirjekdiklerini tassyklady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС