Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen COP31 Liderler sammitiniň umumy mejlisinde halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasyny taýýarlamagy teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Atlasy taýýarlamakda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP), Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (WMO), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP), Bütindünýä ykdysady forumynyň we beýleki gyzyklanma bildirýän halkara guramalarynyň hyzmatdaşlyk etmegi teklip edilýär.
Bu başlangyjyň esasy maksady howanyň üýtgemegine yzygiderli gözegçilik etmek, onuň ýaramaz netijelerine baha bermek we uýgunlaşmagyň has netijeli çärelerini kesgitlemek üçin toplumlaýyn maglumat-seljeriş guralyny döretmekden ybaratdyr.
Bu başlangyç Türkmenistanyň howa meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen teklipleriniň çäklerinde öňe sürüldi. Hususan-da, Türkmenistan ösýän ýurtlaryň döwrebap ekologik taýdan arassa tehnologiýalara, innowasion işläp taýýarlamalara we howa maliýeleşdirmesine elýeterliligini giňeltmek maksady bilen, howa tehnologiýalaryny hödürlemek boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy döretmegi hem teklip etdi.
Mundan başga-da, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak mümkinçiligine garamagy teklip etdi. Bu resminama daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, biodürlüligi gorap saklamak we tebigy serişdelerden durnukly peýdalanmak boýunça hereket edýän halkara kadalaryny, düzgünlerini we standartlaryny ulgamlaşdyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.












