Merkezi Aziýada howa tehnologiýalary merkezi 2027-nji ýylda işe başlar

BT
Merkezi Aziýada howa tehnologiýalary merkezi 2027-nji ýylda işe başlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Antalýa şäherinde geçirilen COP31 Liderler sammitiniň umumy mejlisinde çykyş edýän pursady, 2026-njy ýylyň 11-nji noýabry. (Surat: TDH)

Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezi 2027-nji ýylyň başynda işe başlar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Antalýada geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitiniň umumy mejlisinde aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, merkezi döretmek başlangyjy Türkmenistanyň teklibi esasynda öňe sürlüp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we halkara hyzmatdaşlaryň goldawyna eýe boldy. Merkeziň işi Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda, ylalaşylan guramaçylyk-hukuk mehanizmleriniň hem-de halkara standartlarynyň esasynda alnyp barlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri  sammitiň çäginde eden çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady, durmuş, ekologik, daşky gurşawy goramak, suw we energetika ulgamlaryndaky ösüşiniň özara baglanyşyklydygyny belledi. Gurbanguly Berdimuhamedowuň aýtmagyna görä, toplumlaýyn çemeleşme umumy meseleleri çözülende sebit ýurtlarynyň özara bähbitlerini göz öňünde tutmaga mümkinçilik berer.

Gurbanguly Berdimuhamedow çölleşmä garşy göreşmegi Merkezi Aziýa ýurtlary üçin möhüm meseleleriň biri hökmünde görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Çölleşmä garşy göreş boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Bu teklibi durmuşa geçirmek üçin Türkmenistan BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça konwensiýasynyň sekretariaty we gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirer.

Çykyşynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başga-da birnäçe başlangyçlary barada hem aýdyp geçdi. Hususan-da, 2028 – 2037-nji ýyllary BMG-niň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy diýip yglan etmek mümkinçiligine seretmekligi, Aşgabat howa dialogyny döretmegi we onuň ilkinji halkara duşuşygyny 2027-nji ýylda Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Mundan başga-da, Türkmenistan ösüp barýan döwletleriniň döwrebap ekologik taýdan arassa tehnologiýalara, innowasion işläp taýýarlamalara we howa maliýeleşdirmesine elýeterliligini giňeltmek maksady bilen, howa tehnologiýalaryny hödürlemek boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy döretmegi teklip etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022