Türkmenistan we Türkiýe 2027-nji ýylda ýokary derejeli saparlary guramagy maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we Türkiýe 2027-nji ýylda ýokary derejeli saparlary guramagy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidanyň duşuşygy, 2024-nji ýylyň 14-nji awgusty, Ankara, Türkiýe (Surat: Türkiýäniň DIM-i)

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan çarşenbe güni Antalýa şäherinde geçirilýän COP31 maslahatynyň çäginde duşuşyp, 2027-nji ýylda iki ýurduň arasynda ýokary we iň ýokary derejedäki saparlary guramak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşugyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky syýasy we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meselelere garadylar.

Taraplar iki ýurduň arasynda ýokary döwlet derejesindäki syýasy dialogyň ähmiýetini aýratyn nygtap, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygy bellediler.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Türkiýäniň agza bolup durýan beýleki köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatlarynyň çäklerinde gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022