Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, kärhanalara, guramalara hem-de ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndysynyň umumy möçberi 105 milliard 122,6 million manada ýetdi. 2025-nji ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 92 milliard 747,9 million manada deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň “Bank habarlary” elektron žurnalynda habar berilýär.
Hasabat döwründe döwlet eýeçiligindäki kärhanalara we guramalara milli pulda berlen karzlaryň galyndysy 45 milliard 727,03 million manada deň boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna bu görkeziji 45 milliard 348,57 million manady düzdi.
Şeýle hem, 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 21 milliard 473,06 million manada barabar boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 17 milliard 794,02 million manada ýetdi.
Şeýle hem, hasabat döwründe raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 37 milliard 922,56 million manada barabar boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda bu görkeziji 29 milliard 605,38 million manada ýetdi.

















