Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewe wezipesini talabalaýyk ýerine ýetirmändigi we gözegçilik edýän ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin käýinç yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Döwlet Baştutany söwda toplumynda ýol berlen kemçiliklere aýratyn üns çekip, bu kemçilikler gysga wagtda düzedilmedik ýagdaýynda, Nökerguly Atagulyýewiň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer Söwda-senagat edarasynyň ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde 2027-nji ýylda geçirmegi meýilleşdirýän sergiler, ýarmarkalar, maslahatlar we festiwallar barada hasabat berdi. Hödürlenen taslama laýyklykda, geljek ýyl Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ikitaraplaýyn sergileri, forumlary we işewürlik duşuşyklaryny öz içine alýan köp sanly çäräni geçirmek göz öňünde tutulýar. Nökerguly Atagulyýew degişli teklipleri döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýändigini, halkara sergileriň we maslahatlaryň ýurtda hem-de daşary ýurtlarda yzygiderli geçirilýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda söwda toplumynda birnäçe wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky çözgütler hem kabul edildi. Başga işe geçmegi sebäpli Nazar Agahanow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadylyp, bu wezipä ozal “Türkmenpagta” döwlet konsernine ýolbaşçylyk eden Dörtguly Süleýmanow bellenildi. Konserniň täze başlygy wezipesine bolsa onuň başlygynyň orunbasary Aýmyrat Kürtow bellenildi.

















