Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji noýabrda gol çeken Permanyna laýyklykda Dörtguly Süleýmanow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Mundan ozal Dörtguly Süleýmanow “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy wezipesinde zähmet çekip, ol bu wezipesine başga işe geçmegi sebäpli wezipesinden boşadylan Nazar Agahanowyň ornuna bellenildi.
Degişli çözgütler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda kabul edildi.
Mejlisiň dowamynda Aýmyrat Kürtowy “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellemek hakynda hem karar kabul edildi. Aýmyrat Kürtow, mundan ozal bu konserniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýärdi.
Şeýle hem söwda toplumynda ýol berlen kemçilikler üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewe berk käýinç yglan edildi. Döwlet Baştutany kemçilikler gysga wagtda düzedilmedik ýagdaýynda, Wise-premýere wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.

















