Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji noýabrda Aýmyrat Kürtowy “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellemek hakynda degişli Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Aýmyrat Kürtow bu wezipä bellenilmezinden ozal “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýärdi. Ozal konserniň başlygy wezipesini Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellenen Dörtguly Süleýmanow ýerine ýetirýärdi.
Degişli çözgütler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda kabul edildi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany konserniň başlygynyň orunbasary Aýmyrat Kürtowy göni wideoaragatnaşyk arkaly çagyryp, onuň täze wezipä bellenilýändigini yglan etdi.
Aýmyrat Kürtow Türkmenistanyň Prezidentine bildiren ynamy üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet konserniniň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti Aýmyrat Kürtowa täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi.

















