Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji noýabrda Demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek hakynda degişli Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Mämmet Akmämmedow wise-premýer wezipesine bellenilmezinden ozal, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine ýolbaşçylyk edýärdi. Ol wise-premýer wezipesine başga işe geçmegi sebäpli wezipesinden boşadylan Batyr Annaýewiň ornuna bellenildi.
Degişli çözgütler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda kabul edildi.
Mejlisiň dowamynda Batyr Annaýew deňiz we derýa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, Hazar deňziniň türkmen böleginde hereket edýän Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň gämileriniň bökdençsiz hem-de netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada belläp geçdi. “Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody deňiz gämilerini gurmak we abatlamak bilen bir hatarda, olary döwrebaplaşdyrmak hem-de tehniki gözegçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.
Soňra döwlet Baştutany Batyr Annaýewi eýeleýän wezipesinden boşadyp, göni wideoaragatnaşyk arkaly Demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedowy çagyrdy we onuň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilýändigini aýtdy.
Mämmet Akmämmedow bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, öz üstüne ýüklenen wezipeleri ak ýürekden ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti Mämmet Akmämmedowa täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi.
Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

















