Aşgabadyň halkara üstaşyr ýolagçylary üçin täze amatlyklaryň döredilmegi meýilleşdirilýär

BT
Aşgabadyň halkara üstaşyr ýolagçylary üçin täze amatlyklaryň döredilmegi meýilleşdirilýär
Ýolagçylar Aşgabat halkara howa menzilinde (Surat: "Altyn asyr" elektron gazeti)

Aşgabat Halkara howa menziline gelýän halkara üstaşyr ýolagçylary üçin ulag üpjünçiligini ýola goýmak, myhmanhanalarda ýerleşdirmek we olaryň paýtagtyň söwda merkezlerine baryp görmekleri üçin zerur mümkinçilikleri döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow "Depegum" söwda merkeziniň gurluşygy bilen tanyşlygynyň çäklerinde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda belledi.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň "Türkmenhowaýollary" döwlet gullugy bilen bilelikde işleri ýola goýmagynyň zerurlygyny belläp, möhüm tabşyryklary berdi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabat halkara howa menziline gelýän üstaşyr ýolagçylar üçin birnäçe amatlyklary döretmek boýunça bilelikdäki işleriň diňe bir daşary ýurtly myhmanlar üçin däl, eýsem, Aşgabat şäheriniň häkimligi üçin hem ähmiýetli boljakdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, paýtagtyň demirgazyk böleginde, Niyazow şaýolunyň ugrunda, Halkara howa menziline golaý ýerde gurulýan "Depegum" söwda-dynç alyş merkezine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkiýäniň "Rönesans Holding" kompaniýasynyň baş potratçylygynda gurulýan toplumda 5D kinoteatrynyň, sanly kitaphananyň, wirtual hakykat zolaklarynyň we dynç alyş üçin beýleki desgalaryň döredilmegi meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022