Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işlerine gözegçiligiň gowşadylmagyna nägilelik bildirdi

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işlerine gözegçiligiň gowşadylmagyna nägilelik bildirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow "Depegum" söwda merkeziniň gurluşygy bilen tanyşlygynyň barşynda gurluşyk işlerine gözegçiligiň gowşadylandygy sebäpli Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysyna nägileligini bildirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşyk işleri bilen tanyşlygynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy T.Mälikowyň, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy D.Täşliýewiň, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowyň we Türkiýe Respublikasynyň "Rönesans Holding" kompaniýasynyň Türkmenistandaky baş direktorynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurduň dürli künjeklerinde, Aşgabat we Arkadag şäherinde gurluşyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny belläp, Ýokary gözegçilik edarasynyň bu ugurdaky gözegçiligi güýçlendirmeginiň zerurdygyny nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk taslamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekde sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň, alnyp barylýan işleriň hil derejesini seljermegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyndan gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyna we desgalaryň ulanylmaga öz wagtynda tabşyrylmagyna gözegçiligi güýçlendirmegini berk talap etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan desgalaryň döwrebap talaplara laýyk gelmeginiň, gurluşyk işlerinde ýokary hiliň we seýsmiki durnuklylygyň üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtap, bu ugurda gözegçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak we gurluşyk taslamalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Aşgabat şäheriniň demirgazyk böleginde, Halkara howa menziline golaý ýerde gurulýan "Depegum" söwda-dynç alyş merkezinde söwda, güýmenje we dynç alyş üçin döwrebap mümkinçilikleriň döredilmegi meýilleşdirilýär. Toplumda 5D kinoteatry, sanly kitaphana, wirtual hakykat zolaklary we beýleki dynç alyş desgalary göz öňünde tutulýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022