Türkmenistan we YHG bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler

BT
Türkmenistan we YHG bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň (çepde) YHG-niň Baş sekretary Asad Majid Han bilen Yslamabatda duşuşygy, 2026-njy ýylyň 15-nji noýabry. (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýekşenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşdy. Duşuşyk Yslamabat şäherinde guramanyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisiniň çäklerinde geçirilip, duşuşykda taraplar hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we bileikdäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerine garadylar hem-de özara hormat goýmak we sebiti ösdürmegiň umumy bähbitleri ýörelgeleri esasynda YHG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Mundan başga-da, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesinden ugur alyp, derwaýys meseleleri we gapma-garşylyklary diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmegi yzygiderli goldaýandygy bellenildi.

Taraplar şeýle hem 2035-nji ýyla çenli “ECO Strategic Goals until 2035” atly strategik resminamanyň taýýarlanyş işleriniň tamamlandygyny we onuň Ministrler geňeşiniň tassyklamagyna hödürlenjekdigini bellediler. Şeýle hem guramada başlyklygyň dowamlylygyny üpjün etmegiň möhümdigini nygtadylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС