Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz ýurtlary sişenbe güni howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ilatyň başga ýerlere göçmegi bilen bagly meseleler boýunça “Ýüpek ýoly” sebit Jarnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde howanyň üýtgemegi sebäpli ilatyň başga ýerlere göçmegine degişli meselelere bagyşlanan ýokary derejeli çärede geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Ekologiýa we howanyň üýtgemegi boýunça milli komiteti habar berýär.
Çärä Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň ministrleri hem-de ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Halkara Migrasiýa Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Jarnama howanyň üýtgemegi bilen bagly migrasiýa we ilatyň göçmegi meselelerinde sebitara dialogy we hereketleriň utgaşdyrylmagyny pugtalandyrmaga, toparlaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem her bir ýurduň milli ileri tutýan ugurlaryny we ösüş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, howanyň üýtgemeginiň netijelerine garşy göreşmek boýunça umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar howanyň üýtgemeginiň ilatyň hereketliligine, ýaşaýyş-durmuş serişdelerine we ýerli jemgyýetleriň durnuklylygyna barha artýan täsirini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Sebitiň ilaty üçin goşmaça töwekgelçilikleri döredýän klimat şertleriniň hatarynda howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy, buzluklaryň eremegi, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi, çölleşme, ýerleriň zaýalanmagy we adatdan daşary howa hadysalarynyň ýygylaşmagy aýratyn görkezildi.















