Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Babasadyk Çüriýew her aý Özbegistana 30 tonnadan gowrak kömelek eksport edýär. Kömelekler Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän döwrebap ýyladyşhana toplumynda ösdürilip ýetişdirilip, bu ýerde her gün bir tonnadan gowrak önüm ýygnalýar. Şeýle hem önümler “Tokaýçy” haryt nyşany bilen ýurduň içerki bazaryna çykarylýar. Bu barada “Rysgal” gazetinde habar berilýär.
Gökdepe etrabynyň “Üzümçilik” daýhan birleşiginiň çäginde telekeçä uzak möhletleýin esasda 6 gektar ýer bölegi bölünip berlip, onuň bir gektaryny döwrebap ýyladyşhana toplumy eýeleýär.
Ýyladyşhanada awtomatlaşdyrylan ýagyş ýagdyryjy enjamlar oturdylyp, ýörite enjamlar arkaly kömelekleri ösdürip ýetişdirmekde zerur şertleri döretmek maksady bilen howanyň temperaturasyny, çyglylygyny we ýagtylygyny sazlamak bolýar. Ýyladyşhanada kömelekleri ödürip ýetişdirmekde zerur bolan kompost döküni maldarçylyk, oba hojalygy, agaç işläp bejermek we beýleki pudaklaryň galyndylaryndan ýörite tehnologiýalar arkaly taýýarlanylýar.
Telekeçiniň bellemegine görä, kompostyň özbaşdak öndürilmegi çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berip, gymmatly dökün diňe bir ýyladyşhana toplumynda ulanylman, birnäçe ýerli telekeçä hem iberilýär. Bu bolsa kömelegi ilata elýeterli bahalardan hödürlemäge şert döredýär.
Täze ýygnalan kömelekler “Tokaýçy” haryt nyşany bilen gaplanylýar we içerki bazara, hususan-da, Aşgabat şäherindäki söwda nokatlaryna iberilýär. Şol bir wagtyň özünde önümleriň Özbegistana eksport edilýän aýlyk möçberi 30 tonnadan geçýär.
Geljekde telekeçi 2 gektar meýdanda tapgyrlaýyn esasda kömelek öndürmäge niýetlenen ýene bir ýyladyşhana toplumyny gurmagy meýilleşdirýär.















