Türkiýäniň Statistika institutynyň (TÜİK) maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara haryt dolanyşygy 1 milliard 268,9 million ABŞ dollaryna deň boldy.
Hasabat döwründe Türkiýe Türkmenistana 921 million dollarlyk haryt eksport etdi. Şol döwürde Türkmenistandan importyň möçberi bolsa 347,8 million dollara deň boldy.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky haryt dolanyşygy 2025-nji ýylda 2,2 milliard dollara deň boldy. Bu barada Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat 2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanda geçirilen türk eksport harytlarynyň sergisinde habar berdi.
Türkiýäniň türki döwletler bilen söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda 14 milliard 395,8 million dollara deň boldy. Şol döwürde Türkiýäniň bu ýurtlara eksporty 6 milliard 522,5 million dollara, importy bolsa 7 milliard 873,3 million dollara ýetdi.
Türkiýäniň umumy daşary söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda 492 milliard 870,9 million dollara deň boldy. Ýurduň eksporty 210 milliard 952 million dollara, importy bolsa 281 milliard 918,9 million dollara ýetdi.














