Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde duşenbe güni geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisinde YHG-nyň ulag ministrleriniň nobatdaky maslahatynyň Türkmenistanda geçiriljekdigi bellenildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda ulag meseleleri barada aýdyp, Merkezi Aziýany Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar, Kawkaz we Ýewropa bilen birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Söwda ulgamynda Türkmenistan YHG-nyň Söwda ylalaşygyny berk, tapgyrlaýyn we ähli taraplary öz içine alýan esasda döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Hemişelik wekilleriň geňeşi tarapyndan goldanylan bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek baradaky başlangyjyna üns çekildi.
Şol gün Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň YHG-a agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşýan wekiliýet baştutanlary bilen bilelikdäki duşuşygyna hem gatnaşdy. Duşuşykda sebit döwletleriniň arasynda syýasy dialogy pugtalandyrmak, halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlary utgaşdyrmak hem-de YHG-nyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministri Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ismail uld Şeýh Ahmed bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistanyň bu gurama bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini, halkara parahatçylygyny, ynanyşmagy we öňüni alyş diplomatiýasyny pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
















