Özbegistanda 2026-njy ýylyň 1-nji noýabry ýagdaýyna görä, türkmen maýasynyň gatnaşmagynda 354 kärhana hereket edýär. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Milli statistika komitetiniň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Statistik maglumatlara görä, olaryň 302-si daşary ýurt maýasyna doly degişli kärhanalar, 52-si bolsa bilelikdäki kärhanalardyr. 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda 270 kärhana hereket edip, olaryň 218-si daşary ýurt maýasyna doly degişli, 52-si bolsa bilelikdäki kärhanalardy. Şeýlelikde, ýylyň başyndan bäri bu kärhanalaryň sany 84-e ýetip, 31 göterim ýokarlandy.
Özbegistanda daşary ýurt maýasy bilen döredilen kärhanalaryň umumy sany 23501-e deň bolup, olaryň 18364-si daşary ýurt maýasyna doly degişli, 5137-si bolsa bilelikdäki kärhanalardyr. Ýurtda daşary ýurt maýasy bolan kärhanalaryň arasynda Hytaýyň paýy 7106 kärhana (30,2 göterim) bilen iň ýokary görkezijini görkezip, Russiýanyň maýasy bilen döredilen kärhanalaryň sany 3885-e (16,5 göterim), Türkiýäniňki bolsa 2544-e (10,8 göterim) deň boldy.
Soňky bäş ýylda Özbegistanda hereket edýän daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda döredilen kärhanalaryň sany 1,8 esse artdy. Şol döwürde daşary ýurt maýasyna doly degişli kärhanalaryň paýy 57,5 göterimden 78,1 göterime çenli ýokarlandy. 2026-njy ýylyň ýanwar–oktýabr aýlarynda ýurtda daşary ýurt maýasy bilen döredilen 5025 täze kärhana hasaba alyndy.

















