Polşada sişenbe güni “FAST TEXTILE 2026” halkara sergisi açylyp, sergide türkmen dokma önümleri ýurduň ýörite pawilýonda görkezilýär. Bu barada serginiň resmi hyzmatdaşy we türkmen pawilýonynyň guramaçysy “Turkmen Expo” habar berýär.
Türkmenistanyň pawilýonynda ýurduň dokma kärhanalary, fabrikleri we önümçilik toplumlary öz önümlerini tanyşdyrýarlar. Sergä gelýänler milli dokma önümleriniň giň görnüşleri, şol sanda ýüplükler, matalar, taýýar egin-eşikler we beýleki dokma önümleri bilen tanşyp bilerler.
“FAST TEXTILE” sergisi dokma senagatynyň öndürijilerini, üpjün edijilerini, halkara brendlerini, distribýutorlaryny we lomaý alyjylaryny bir ýere jemleýän meýdança bolup durýar. Serginiň resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, 2025-nji ýylda sergä 27 ýurtdan 14,6 müňden gowrak adam gatnaşyp, 30-dan gowrak döwletden 450–600 töweregi kompaniýalar öz önümlerini hödürlediler.
Türkmen kärhanalarynyň sergä gatnaşmagy ýerli dokma önümleriniň daşary ýurt bazarlarynda tanadylmagyna, täze işewür hyzmatdaşlary tapmaga we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilik döreder. Üç gün dowam etjek serginiň dowamynda türkmen kärhanalarynyň wekilleri B2B görnüşindäki duşuşyklary geçirip, önümçilik mümkinçiliklerini tanyşdyrarlar we täze bazarlara çykmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

















