ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau 16–24-nji noýabr aralygynda Türkmenistana, Täjigistana we Türkiýä sapar eder. Kristofer Landau Aşgabatda Türkmenistanyň hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem türkmen we amerikan işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşar.Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamenti habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Landau Aşgabat şäherinde geçiriljek duşuşyklarda energiýa eksportynyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, hususan-da, Hazarüsti geçelgesi we TRIPP boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine üns berler.
Şeýle hem taraplar söwda we maýa goýumlaryny artdyrmak, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de sebitara arabaglanyşygy ösdürmek arkaly özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau saparynyň dowamynda ilki bilen Täjigistanyň Duşenbe şäherinde, soňra Türkiýäniň Stambul şäherinde bolar. Ol bu ýurtlaryň hökümet wekilleri we işewür toparlary bilen hem duşuşyklary geçirer.
















