Türkmenistan bilen Owganystanyň serhedinden günde 250 töweregi ýük awtoulagy geçýär

BT
Türkmenistan bilen Owganystanyň serhedinden günde 250 töweregi ýük awtoulagy geçýär
Gümrük nokadyndaky ýük awtoulaglary. (Surat: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy)

Türkmenistan bilen Owganystanyň serhedi arkaly her gün 250-ä golaý ýük awtoulagy gatnaýar. Bu barada Owganystanyň RTA teleýaýlymy Hyrat welaýatynyň häkimliginiň resmi metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda Turgundy demir ýol portunyň üsti arkaly amala aşyrylan ýük daşamalarynyň möçberi 50 göterim artdy. Hasabat döwründe bu ugur bilen Owganystana 597 müň 489 tonna haryt getirilip, 11 müň 335 tonna haryt bolsa daşary ýurt bazarlaryna ugradyldy.

Owganystana import edilýän harytlaryň esasy bölegi nebit önümleri, gurluşyk serişdeleri we däne önümleri bolup, eksport edilýän harytlaryň hatarynda Hyrat welaýatynyň senagat zolagynda öndürilýän önümler, şeýle hem ter we guradylan miweler bar.

Mundan ozal, sentýabr aýynda Hyrat welaýatynyň häkimi Şeýh Mawlana Yslamjar Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolow bilen duşuşdy. Häkimligiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek we Hyrat–Turgundy demir ýol taslamasy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

2022
ENG TM РУС