Türkmenistan bilen Pakistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan bilen Pakistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň altynjy mejlisi, 2026-njy ýylyň 17-nji noýabry, Yslamabat, Pakistan. (Surat: Pakistanyň DIM-i)

Yslamabat şäherinde 17-nji noýabrda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Duşuşykda özara söwdany we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, önümçilik gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Iki ýurduň arasyndaky hökümetara mejlisi Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammad Ishak Daryň bilelikde ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi ýaly iri sebit energetika taslamalaryny ilerletmegiň, şeýle hem Türkmenistan–Owganystan–Pakistan ugry boýunça elektroenergetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ulag arabaglanyşygyny ösdürmek we üstaşyr-logistika mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerine hem garadylar. Şeýle hem duşuşykda iki döwletiň geografik ýerleşişinden peýdalanmak arkaly söwda ugurlaryny ösdürmek, Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem sebit we halkara bazarlaryna çykalgany giňeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda senagat, oba hojalygy we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Taraplar maglumat tehnologiýalary, ylym we bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, bank işi we maliýe ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegini hem ara alnyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň jemleri boýunça taraplar bilelikdäki hökümetara toparynyň altynjy mejlisiniň teswirnamasyna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Pakistan hökümetiniň welaýatara utgaşdyryş ministrliginiň arasynda syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler.

2022