Pakistanyň Söwda ministri Jam Kamal Han Türkmenistan bilen söwdany ösdürmegiň çäklerinde tiz zaýalanýan oba hojalyk we azyk önümlerini daşamak üçin çarter ýük howa gatnawlaryny ýola goýmagy teklip etdi. Ol bu barada duşenbe güni Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Dörtguly Süleýmanow bilen duşuşygynda aýtdy diýip, Pakistanyň Maglumat we teleradioýaýlymlar ministrligi (PID) habar berýär.
Jam Kamal Hanyň aýtmagyna görä, Yslamabat bilen Aşgabadyň geografiki taýdan biri-birine ýakyn ýerleşmegi, tiz eltilmeli harytlary eksport etmekde möhüm artykmaçlyk bolup biler.
Duşuşygyň dowamynda ministrler özara söwdany giňeltmek, iki ýurduň bazarlaryna harytlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak we işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem duşuşykda dokma senagaty, oba hojalygy, azyk önümlerini gaýtadan işlemek, senagat önümçiligi we logistika hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde bellenildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, 17-nji noýabrda Yslamabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Onda taraplar özara söwdany we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, önümçilik gatnaşyklaryny ösdürmek, ulag arabaglanyşygy, şeýle hem senagat, oba hojalygy we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerine garadylar.

















