Pakistan türkmen işewürlerini Karaçi we Gwadar portlaryndan peýdalanmaga çagyrdy

BT
Pakistan türkmen işewürlerini Karaçi we Gwadar portlaryndan peýdalanmaga çagyrdy
Karaçi portunyň konteýner terminaly, 2020-nji ýylyň fewral aýy. (Surat: Alexander Savin / CC BY-SA 4.0 / Wikimedia Commons)

Pakistan Türkmenistana ýük daşamakda Karaçi we Gwadar deňiz portlaryndan peýdalanmagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Bu barada Pakistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar sişenbe güni Yslamabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda aýtdy.

Ishak Dar türkmen kompaniýalarynyň Ýakyn Gündogar, Afrika we beýleki sebitler bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin Karaçi we Gwadar portlaryndan peýdalanyp biljekdigini belledi. Şeýle hem ol duşuşykda ikitaraplaýyn söwdany giňeltmek, haryt dolanyşygynyň ugurlaryny artdyrmak we üstaşyr söwda baradaky ylalaşygyň üstünde işlemek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň altynjy mejlisinde taraplar özara söwdany we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, önümçilik gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine garadylar. Şeýle hem ulag arabaglanyşygyny ösdürmek we üstaşyr-logistika mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Energetika pudagynda taraplar Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň jemleri boýunça taraplar bilelikdäki hökümetara toparynyň altynjy mejlisiniň teswirnamasyna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Pakistan hökümetiniň welaýatara utgaşdyryş ministrliginiň arasynda syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler.

2022
ENG TM РУС