Türkmen talyplary Jeýhun Jumaşow we Baýnazar Muhammedow autizm spektriniň bozulmalary bolan (ASB) we gepleýiş ösüşinde yza galýan çagalara goldaw berýän “HeartStep” atly sanly platformany işläp düzdüler. Bu barada “Go Viral Central Asia” resmi instagram sahypasynda habar berýär.
Taslamany döretmek pikiri Baýnazar Muhammedowyň kiçi doganoglanynda gepleýiş ösüşi bilen bagly kynçylyklar ýüze çykandan soň döreýär. Ýaş programmistler çaganyň öz isleglerini beýan etmegine we daş-töweregindäkiler bilen aragatnaşyk saklamagyna ýardam bermegiň goşmaça ýollaryny gözläp, bu ugurda goldaw berýän sanly guraly döretmek kararyna geldiler.
“HeartStep” platformasynyň esasy aýratynlygy türkmen we rus dillerinde şekiller, ýazgylar hem-de sesli düşündirişler bilen üpjün edilen aragatnaşyk kartlaryndan ybarat bolup, bu kartlar çagalara öz pikirlerini we isleglerini beýan etmäge, ene-atalara hem-de hünärmenlere bolsa olaryň aragatnaşyk endiklerini ösdürmäge ýardam berýär. “Go Viral Central Asia”-nyň maglumatyna görä, “HeartStep” türkmen dilindäki ilkinji inklýuziw mobil goşundydyr.
Jeýhun Jumaşow we Baýnazar Muhammedow platformany işläp taýýarlamakda psihologlar, logopedler hem-de çagalaryň ösüşi boýunça hünärmenler bilen bilelikde hyzmatdaşlyk edip, hünärmenler kartlaryň mazmunyny saýlamaga, şekilleri çagalaryň aýratynlyklaryna laýyklaşdyrmaga we goşundynyň mümkinçiliklerini kämilleşdirmäge ýardam berdiler.
Iki ýylyň dowamynda Ýewropanyň we Aziýanyň ýedi ýurdunda halkara çärelerde tanyşdyrylan taslama Malaýziýada geçirilen halkara bäsleşikde baş baýraga, TOP 5 Awards bäsleşiginde altyn medala, Taýlandda geçirilen STEM bäsleşiginde iň gowy tanyşdyryş üçin berlen baýraga we Moskwada geçirilen “Geljegiň ädimleri” atly halkara forumda kümüş medallara mynasyp boldy. Mundan başga-da, 2025-nji ýylda taslamany esaslandyryjylaryň biri Jeýhun Jumaşow “Sanly çözgüt” atly milli bäsleşikde birinji orny eýelänleriň hataryna girip, şeýle hem, Rumyniýada we Singapurda tanyşdyryldy.
Jeýhun Jumaşow Merkezi Aziýanyň 100 ýaş lideri üçin niýetlenen “Go Viral Emerging Leaders Fellowship” maksatnamasynyň gatnaşyjysy bolmak bilen bu başlangyjy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçiliklere eýe boldy. Ol Almaty, Daşkent we Samarkant şäherlerinde geçirilen okuw maksatnamasynyň çäklerinde “HeartStep” taslamasyny halkara hünärmenlere tanyşdyrdy we ony ösdürmegiň täze usullaryny öwrendi.
“Go Viral Central Asia”-nyň maglumatyna görä, häzirki wagtda “HeartStep” platformasynyň gurallary Türkmenistanyň hususy çagalar merkezlerinde ulanylýar. Psihologlar we logopedler hem çagalaryň ösüşine goldaw bermek üçin goşmaça serişde hökmünde bu gurallary ene-atalara maslahat berýärler. Häzirki wagtda topar platformany kämilleşdirmegi we degişli hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirýär.
















