Russiýanyň we Azerbaýjanyň parlament wekiliýetleri sapar bilen Türkmenistana geldiler

BT
Russiýanyň we Azerbaýjanyň parlament wekiliýetleri sapar bilen Türkmenistana geldiler
Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi. (Surat: Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň metbugat gullugy)

Russiýanyň we Azerbaýjanyň parlament wekiliýetleri “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň (GDA PA) güýzki mejlisine gatnaşmak üçin çarşenbe güni sapar bilen Türkmenistana geldiler.

Russiýanyň wekiliýetine Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko ýolbaşçylyk edýär. Wekiliýetiň düzümine Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow, Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklary boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Grigori Karasin, şeýle hem senatorlar Nikolaý Wladimirow, Wladimir Kožin we Oleg Sepkin girýär. Bu barada Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň metbugat gullugy habar berýär.

Walentina Matwiýenkonyň iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedov we Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Federasiýa Geňeşiniň başlygy GDA ýurtlarynyň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşar.

Azerbaýjanyň wekiliýetine Milli Mejlisiniň başlygy Sahiba Gafarowa ýolbaşçylyk edip, ol 18-nji noýabrda iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada “AZERTAJ” agentligi Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň metbugat we jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

GDA PA-nyň güýzki mejlisi 19–20-nji noýabrda Türkmenistanyň Arkalaşygyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, mejlisiň gün tertibine GDA PA Geňeşiniň mejlisi we Assambleýanyň 61-nji umumy mejlisi girýär. Şeýle hem duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň GDA PA-nyň ýanynda synçy derejesini almagy baradaky mesele hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022