Türkmenistanda 25 müňe çenli täze kiçi we orta kärhanalar dörediler

BT
Türkmenistanda 25 müňe çenli täze kiçi we orta kärhanalar dörediler
Aşgabadyň demirgazyk bölegindäki senagat toplumynyň çäginde aýna önümlerini öndürýän seh. (Surat: “Altyn asyr” elektron gazeti)

“Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna” laýyklykda, ýurtda 25 müňe çenli täze kiçi we orta kärhanany döretmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem strategiýa laýyklykda, senagat pudagynda zähmet öndürijiligini 1,5 esse, sebitlerde bolsa çig mal däl önümleriň eksportyny 2–3 esse artdyrmagy göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hoja Myradow 23-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi we milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabata görä, strategiýa ykdysady taýdan işjeň ilatyň kiçi we orta telekeçilikde işleýän bölegini 40 göterime ýetirmegi, şeýle hem bu kärhanalaryň önümleriniň eksportyny iki esse artdyrmagy göz öňünde tutýar. Ýurtda ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň öndürýän önümleriniň möçberini 100 göterim, şol sanda eksport edilýän önümleriň möçberini 75 göterim artdyrmak meýilleşdirilýär.

Hasabatda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda önümçilik görkezijilerini gazanmak, sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň görülýändigi hem bellenildi. Ýurtda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli 6,3 göterim derejesinde saklamak Halk Maslahatynyň 23-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde kesgitlenen esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň we maýa goýumlarynyň maksatnamasyny, şeýle hem geljek ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jemi içerki önümiň ösüşiniň durnukly depginlerini saklamagyň we ýurduň senagat kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmegiň möhümdigini nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara täze senagat desgalaryny gurmak, önümçiligi artdyrmak we kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Senagat ösüşiniň milli strategiýasyny sebitlerde durmuşa geçirmek, bilim ulgamyny kämilleşdirmek we 2031-nji ýyla çenli döwür üçin döwlet ýaşlar syýasaty babatda Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek meselelerine hem garaldy. Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy, “Halkara hukugynyň” ýylyna taýýarlyk görmek we ahalteke bedewlerini döwlet tarapyndan goramak bilen bagly meseleler gün tertibine girizildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022