“Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň” çäklerinde ýurduň bäş welaýatynda täze senagat kärhanalaryny döretmek, hereket edýän önümçilikleri giňeltmek we kärhanalary döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär. Her welaýat boýunça göz öňünde tutulan işler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annammämmedow çarşenbe güni geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Hasabata görä, Ahal welaýatynda gurluşyk, himiýa we energetika pudaklarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, gazhimiýa önümleriniň öndürilişini giňeltmek, aýna we dokma önümlerini öndürýän täze kärhanalary döretmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, azyk senagatyny ösdürmek, ýol-ulag infrastrukturasynyň gurluşygynda zerur bolan materiallaryň önümçiligini ýola goýmak, hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Balkan welaýatynda karbamid öndürýän toplumyň ikinji tapgyryny, ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki desgalary gurmak esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle hem ýod, brom, tehniki we nahar duzuny öndürmegi ösdürmek, utgaşykly bug-gaz elektrik stansiýasynyň, şeýle hem döwrebap köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň önümçilik kuwwatyny giňeltmek meýilleşdirilýär.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Daşoguz welaýatynda gazhimiýa önümçiligini ösdürmek, hususy pudagyň kärhanalarynda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň möçberini artdyrmak we ýerli çig malyň esasynda täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Lebap welaýatynda bolsa kükürt, kaliý we daş duzy ýaly tebigy baýlyklaryň esasynda dag-magdan önümçiligini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berler hem-de gurluşyk garyndylaryny we gipsokarton önümlerini öndürýän döwrebap kärhanany işe girizmek meýilleşdirilýär.
Mary welaýatynda gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek, täze önümçilik kärhanalaryny döretmek we hereket edýän kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem innowasion tehnologiýalary we sanly dolandyryş usullaryny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň senagat kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady we gurulýan desgalara Ýokary gözegçilik edarasynyň berk gözegçilik etmeginiň möhümdigini belledi. Şeýle hem ol wise-premýere önümçilikde ýokary tehnologiýaly önümleriň paýyny yzygiderli artdyrmagy, maglumat merkezlerini döretmek we müňlerçe täze iş orunlaryny açmak boýunça işleri geçirmegi tabşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda öndürilýän önümleri eksporta ibermek üçin Gündogar–Günbatar ugry boýunça Hazarüsti halkara ulag-üstaşyr geçelgesini ösdürmegiň möhümdigini hem aýratyn nygtady.Türkmenistanda 25 müňe çenli täze kiçi we orta kärhanalar dörediler.

















