Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 19-njy noýabry, Awaza, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy. Bu barada Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň metbugat gullugy habar berýär.

Walentina Matwiýenko GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki mejlisiniň çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň parlament wekillerine görkezilen myhmansöýerlik üçin öz minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi üstünlikli alyp barýandygyny belläp, bu döwri mazmunly we netijeli diýip häsiýetlendirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlygyň oňyn depgini bellenildi. Federasiýa Geňeşiniň başlygy türkmen halkynyň Milli Liderine türkmen-rus döwletara dialogyny yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen tagallalary we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Walentina Matwiýenko Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA Parlamentara Assambleýasyna agza ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygyna hem gatnaşdy. Ol wekiliýetleriň adyndan Assambleýanyň güýzki maslahatyny Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynda ýurtda geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Maslahatyň dowamynda Matwiýenko BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 16-njy noýabrda BMG bilen GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda rezolýusiýanyň kabul edilmegini möhüm waka hökmünde häsiýetlendirdi. Onuň bellemegine görä, bu resminama GDA-nyň halkara abraýyny we häzirki dünýäde ornunyň ýokarlanýandygyny tassyklaýar. Şeýle hem ol Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän döwründe kabul edilen rezolýusiýanyň aýratyn ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň bu resminamanyň awtorlarynyň biri bolup çykyş edendigini belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022