Türkmen wekiliýeti 16–20-nji noýabry aralygynda Ženewada geçirilýän Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) Ösüş we intellektual eýeçilik meseleleri boýunça komitetiniň (CDIP) 37-nji mejlisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berýär.
Mejlise gatnaşyjy türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň wekilleri girýär.
Mejlisiň dowamynda gurama agza döwletler WIPO-nyň Ösüş maksatnamasynyň teklipleriniň ýerine ýetirilişini, tehniki kömek meselelerini we ösýän ýurtlaryň innowasiýa mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça meseleleri ara alyp masalahatlaşýarlar.

Türkmen wekiliýeti 16-njy noýabrda mejlisiň çäklerinde WIPO-nyň degişli bölümleriniň ýolbaşçylary we bilermenleri bilen duşuşdy. Duşuşykda dünýäniň 139 ykdysadyýetini öz içine alýan Global innowasiýa indeksine (GII) Türkmenistanyň girizilmeginiň usulyýeti we ölçegleri, milli statistiki maglumatlary taýýarlamak, hünärmenleri okatmak hem-de bilermenleriň hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Şeýle hem türkmen tarapy guramanyň wekillerini Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen şu ýyl kabul edilen "Türkmenistanyň Intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy" bilen tanyşdyrdy.
















