"Parlak Nesil" Özbegistanda EA we maýning maglumat merkezlerini döretmäge gatnaşar

BT
"Parlak Nesil" Özbegistanda EA we maýning maglumat merkezlerini döretmäge gatnaşar
"Parlak Nesil" kompaniýasynyň hünärmenleri serwer enjamlary bilen işleýär. (Surat: "Parlak Nesil")

Türkmenistanyň "Parlak Nesil" hojalyk jemgyýeti Özbegistanyň "NexaGrid" kompaniýasy bilen gol çekilen Memoranduma laýyklykda, emeli aň (AI) we kriptowalýuta maýningi üçin maglumat merkezlerini döretmek boýunça hyzmatdaşlyk eder. Bu barada "Parlak Nesil" hojalyk jemgyýetiniň wekili habar berýär.

Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň kompaniýalarynyň arasynda sanly tehnologiýalar we IT infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Memoranduma Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde 16-njy noýabrda gol çekildi. Gol çekilen ylalaşyga laýyklykda Özbegistanyň çäginde emeli aň we kriptowalýuta maýningi üçin niýetlenen maglumat merkezlerini döretmek hem-de ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen kompaniýasy programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak, sanly çözgütleri döretmek we tehnologik ulgamlary ornaşdyrmak boýunça iş alyp barmagy meýilleşdirýär. Özbegistanyň "NexaGrid" kompaniýasy bolsa taslamalar üçin zerur meýdançalary we infrastrukturany üpjün etmek, şeýle hem maglumat merkezlerini işe girizmek işlerine gatnaşar.

Bu hyzmatdaşlyk türkmen IT kompaniýasynyň halkara taslamalara gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bir hatarda, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda sanly tehnologiýalar ulgamyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem goşant goşar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС