Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesi berildi

BT
Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesi berildi
GDA PA-nyň güýzki maslahatynyň gatnaşyjylary, 2026-njy ýylyň 19-njy noýabry, “Awaza”milli syýahatçylyk zolagy, Türkmenistan. (Surat: Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň resmi metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Parlamentara Assambleýasynda (PA GDA) synçy derejesi berildi. Degişli karar Türkmenistanyň ýüz tutmasyna garalandan soňra Awazada geçirilýän güýzki maslahatyň çäklerinde Assambleýanyň Geňeşiniň mejlisinde kabul edildi. Bu barada Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň metbugat gullugy habar berýär.

Bu mesele Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän döwründe alyp baran işleri bilen baglylykda mejlisiň gün tertibine girizildi. Türkmenistanyň Arkalaşygyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerine 
Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy we GDA PA-nyň Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko ýokary baha berdi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurduň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Walentina Matwiýenko bolsa Arkalaşyga agza döwletleriň Baştutanlarynyň hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen çözgütleriniň ýerine ýetirilmeginde parlamentleriň goldawynyň möhümdigini nygtady.

Walentina Matwiýenkonyň bellemegine görä, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän döwründe Aşgabatda we Awazada döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň, Ykdysady geňeşiň hem-de Arkalaşygyň beýleki düzümleriniň mejlisleri geçirildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisi, GDA PA we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan bilelikde taýýarlanan saglygy goraýyş meselelerine bagyşlanan halkara maslahaty aýratyn bellenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС